Tor network göni giriş käwagt Internet hyzmatyny üpjün edijiňiz ýa-da hökümet tarapyndan petiklenip bilner. Tor Browser bu blokirlemelerden aýlanyp geçmek üçin "dakylýan daşaýjylar" diýilýän käbir gurallar bar.

DAKYLÝAN DAŞAÝJYLARYŇ GÖRNÜŞLERI

Häzirki wagtda dört sany dakylýan daşaýjy bar, ýöne has köpi işlenip düzülýär.

obfs4 obfs4 Tor trafigini tötänleýin görkezýär we tor gözleýänleriň internet skaner arkaly köpri tapmagynyň öňüni alýar. obfs4 köprüleriniň, öňki wersiýa, obfs3 köprülerine garanyňda petiklenmegiň ähtimallygy gaty az.
meek meek daşaýjylar Tor ulanýan ýaly däl-de, uly bir sahypa göz aýlaýan ýaly edýär. meek-azure ony Microsoft saýty ulanylýan ýaly edýär.
Snowflake Snowflake, Tor ulanman, wideo jaň edýän ýaly görünmek üçin meýletin işleýän proksi arkaly baglanyşygyňyzy ugrukdyrýar.
WebTunnel WebTunnel, HTTPS-den bir sahypa girjek ýaly edip, Tor birikmäňizi gizleýär.

DAKYLÝAN DAŞAÝJYLARY ULANMAK

Dakylýan daşaýjyny ulanmak üçin, Tor Browser-i ilkinji gezek işe girizilende peýda bolan "Baglanyşygy sazlaň" düwmesine basyň. "Köpriler" bölüminiň aşagynda"Tor brauzeri köprisini ulanyň"-a basyň we "Taýýar köprini saýlaň" düwmesine basyň. Menýudan ulanmak isleýän haýsy-da bolsa dakylýan daşaýjylary saýlaň.

Once you've selected the pluggable transport, click on "Connect" to save your settings.

Ýa-da Tor Browser işleýän bolsa, gamburger menýusyndan (≡)"Sazlamalar" we soňra gapdal paneldäki "Baglanyşyk"-a basyň. "Köpriler" bölüminiň aşagynda"Tor brauzeri köprisini ulanyň"-a basyň we "Taýýar köprini saýlaň" düwmesine basyň. Choose whichever pluggable transport you'd like to use from the menu and click on "OK". Sahypany ýapanyňyzda sazlamalaryňyz awtomatiki usulda saklanýar.

Gurlan köprileri sazlaň

HAÝSY TRANSPORTY ULANMALY?

Tor köpriler menýusynda görkezilen transportlaryň hersi başgaça işleýär we olaryň netijeliligi aýratyn ýagdaýlaryňyza bagly.

Blokirlenen birikmeden aýlanyp geçmäge ilkinji gezek synanyşýan bolsaňyz, obfs4, snowflake ýa-da meek-azure ýaly daşaýjylary synap görüň.

Bu opsiýalaryň hemmesini synap gören bolsaňyz we olaryň hiç biri sizi onlaýn almasa, köpri soramaly ýa-da köpri salgylaryny el bilen ýazmaly bolarsyňyz.

Hytaýda ulanyjylar, hususy we sanawdan çykarylan obfs4 köprisiniň üsti bilen birikmeli bolarlar. @GetBridgesBot/bridges ýazyň we Telegram Bot bilen habarlaşyň . Ýa-da "private bridge cn" temasy bilen frontdesk@torproject.org e-poçta iberiň. Başga bir ýurtdan birikýän bolsaňyz, öz ýurduňyzy ýa-da ýurt koduňyzy e-poçta temasyna goşmagy ýatdan çykarmaň.

Köprileriň nämedigini we köpri maglumatlary nädip almalydygyny öwrenmek üçin Köpriler bölümine seredip bilersiňiz.